“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

02.10.2023

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi german kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk we maýa goýum üçin birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar. Ýewropa ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak german işewürleriniň gatnaşmagynda geljegi uly taslamalaryň hatarynda görkezildi. Bu teklipler Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynda aýdyldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda 8 sany halkra optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hereket edýändigi bellendi. Soňky 3 ýylda satyn alynýan halkara internet kanallarynyň möçberi soňky 3 ýylyň içinde 10 esse artdy. Şonuň üçin-de, häzirki wagtda aragatnaşygyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmak we ulag-kommunikasiýa ulgamyny giňeltmek möhüm bolup durýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew german kompaniýalaryny 9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmentel-2023” halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Berlinde geçirilen işewürlik forumynyň çäklerinde, ol Germaniýanyň birnäçe telekommunikasiýa kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.