Golaýda "Amazon" kompaniýasynyň ilkinji hemralary kosmosa uçurylar

02.10.2023

"Boeing" we "Lockheed Martin" kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy bolan "United Lauch Alliance" 6-njy oktýabrda "Amazon Project Kuiper" internet-üpjün edijisiniň ilkinji emeli hemra nusgalaryny kosmosa uçurar.
"Kuipersat-1" we "Kuipersat-2" diýlip atlandyrylýan emeli hemralar ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň Florida ştatyndaky bazasyna eltildi. Bu emeli hemralar "United Lauch Alliance" kompaniýasynyň "Atlas V 501" atly raketa göterijisinde 60 metr töweregi belentlikdäki orbita uçurylar. Emeli hemralary uçurmakda ilkibaşda "ULA Vulcan Centaur" diýlip atlandyrylýan raketa göterijisini ulanmak meýilleşdirilipdi.
Bu wakanyň "Amazon" kompaniýasy üçin uly ähmiýeti bar. Geljekde kompaniýa ilkinji müşderilerine hyzmat edip başlamagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin enjamlaryň işe ukyplylyk derejesini barlamak zerur bolup durýar.
"Kuiper" taslamasy "Space Exploration Technologies" kompaniýasynyň "Starlink" taslamasyna meňzeşdir. Bu başlangyjyň üsti bilen "Amazon" ýokary tizlikli we giň ýygylykly internet bilen üpjün etmek üçin Ýeriň pes orbitasynda emeli hemralaryň ulgamyny döretmegi maksat edinýär.