Türkmenistanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär

12.05.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurduň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” hem-de ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada-da habar berildi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary ýurduň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly dürli çärelere gatnaşýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Bu barada TDH ýazýar.