Mekan köşgünde saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi

16.05.2024

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri Aşgabat şäher häkimliginiň Mekan köşgünde okuw maslahatyny guradylar. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda guralan okuw maslahatyna Aşgabat şäher, Berkararlyk, Köpetdag etrap we okrugyň saýlaw toparlarynyň agzalaryn hem-de syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň Aşgabat şäher, Berkararlyk we Köpetdag etrap guramalarynyň, şeýle hem şäher, etrap häkimlikleriň saýlawlar boýunça iş alyp barýan jogapkär wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, Aşgabat şäher, etrap, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary düşündirildi.

Şeýle-de, maslahatda 8-nji maýda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek we 18-nji maýda başlanjak dalaşgärleri bellige almak möwsümi bilen baglanyşykly Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary okrug saýlaw toparynda bellige almagyň we degişli saýlaw resminamalaryny doldurmagyň tertibi, şeýle hem degişli saýlaw toparlary tarapyndan ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamalary düzmegiň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.

Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlaryň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw toparlarynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmäge ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, hoşallyklaryny beýan etdiler.