18.05.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) arasynda 5 ýyllyk Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly teklibi beýan etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, oba hojalygy ýaly ugurlary gurşap alýan bu resminama Türkmenistanyň we agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlarda täze milli taslamalary işläp taýýarlamak üçin berk binýat bolup hyzmat eder.
Şeýle hem Raşid Meredow bu resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň iýunynda ýörite döredilen toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi, agentligiň çäklerinde dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de Türkmenistanyň onuň hereket edýän düzümleriniň 8-siniň birine saýlanylmagy boýunça çäreleri görmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ünsi çekip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň doly hukukly agzasy bolup durýar.