24.05.2024
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründepaýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýeten belent sepgitleri weörän uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan «Ak şäherim Aşgabat»atly XXIII köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýsýürekden gutlaýaryn!
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenmegitürkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir.Bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp şäherimizde çäksiz söýgüsiniňnyşany bolan bu baýram mynasybetli ata Watanymyzyň paýtagtynyňdürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilikberýän halkara sergisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Aşgabatşäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän ähli çäreler häzirki döwürdeaýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisitürkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny weAşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýlehem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňgörkezer.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat tutuş ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän beient sepgitleriňajaýyp mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektoryGahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen üstünlikliamala aşyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyňnetijesinde, Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýeboldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi.
Häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbinidöwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek,täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehnikiulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrundagiň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzdaözboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda sanlytehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryňornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özündejemleýän köp sanly desgalaryň halkara derejesinde ykrarnama eýebolmagypaýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryndaöz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuňşeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygyboýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun almagy hemaýdyň şaýatlyk edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýetmeseleleri boýunça guramasy tarapyndan paýtagtymyz Aşgabatşäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn»ugry boýunça girizilmegi bolsa, örän buýsandyryjy wakalaryň biridir.
Hormatly adamlar!
Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyryMagtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkaraderejesinde dabaraly bellemek boýunça meýilnamalaýyn işler amalaaşyrylýar. Ýaňy-ýakynda bolsa paýtagtymyzyň günorta künjegindebina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşaryýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy nusgawy şahyryň hormatynaguraljak giň möçberli dabaralara özboluşly badalga boldy.
Bu döwrebap toplumyn töwereklerini abadanlaşdyrmak işlerihäzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyklykda ýerineýetirilip, inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi, yşyklandyryşulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirdi.
Şeýle hem, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»ýylynyň dowamynda tutuş ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat şäherindeençeme iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary hem-dedesgalary açyp, ulanmaga bermegi we olaryň birnäçesiniň düýbünitutmagy maksat edinýäris. Täze taryhy eýýamda paýtagtymyzda binaediljek desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ilatyň ýaşaýyş-durmuşşertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuşhyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhümähmiýete eýedir.
Şoňa görä-de, paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginlerbilen ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleri amalaaşyrarys. Men gözel paýtagtymyzyň abadançylygyň hem-de ösüşiňnusgalyk merkezine öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkarasergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekdengutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuş,alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!