"Euronews" teleýaýlymy "Türkmenaragatnaşyk" agentligi bilen hyzmatdaşlygyny giňelder

17.10.2023

“Euronews” Ýewropa habarlar teleýaýlymynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi we duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşykda “Euronews” teleýaýlymynyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože wekilçilik etdi. Taraplar soňky on ýylyň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler we Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary beýan etmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe taslamalary ýatlap geçdiler.
Taraplar halkara maglumat iňişliginde uzak möhletli hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri guramaçylygyny ýokarlandyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň netijesinde gol çekilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen "Euronews" kompaniýasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň bentleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.