Astana we Aşgabat telekommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

18.10.2023

Astanada geçirilen “Digital Bridge - 2023” tehnologiki forumyna dünýäniň 30 ýurdundan 20 000-den gowrak wekiller we 300 sany IT kompaniýalar, şol sanda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisine “TikTok”-yň baş direktory Şou Çu, “Sanly çarwalar” jemgyýetiniň esaslandyryjysy Aset Abdualiýew, “ICPC Foundation”-yň ýerine ýetiriji direktory William Pauçer we “SpaceX”-yň “Starlink” boýunça wise-prezidenti Loren Dreýer gatnaşdy. Forumyň dowamynda ösen tehnologiýalara aýratyn üns berlen birnäçe tegelek stollar we ýygnaklar geçirildi. Ykdysady durnukly ösüş üçin ähli pudaklarda IT hünärmenleriniň täze pikirlerini we geljegi uly bolan innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyklaryň çäginde «Türkmentelekomyň» başlygy Hojanyýaz Awganow bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin, «Казахтелеком» paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Nuržan Baýdauletowyň arasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda, hususan-da, sanly ulgamy kämilleşdirmek, sebit aragatnaşygyny ösdürmek we tranzit operatorlaryny halkara aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek baradaky meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.