BMGÖM we Türkmenistan döwlet bilim ulgamyny pugtalandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

23.06.2024

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň bilim ulgamyny pugtalandyrmak we durnukly ösüş tejribelerini öňe sürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ýurduň ilatyna bilim hyzmatlaryny bermek ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen BMGÖM we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döredýar. Ylalaşyk Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ýardam bermeginde, adam hukuklary we gender deňligi ýörelgelerini ornaşdyrmaga, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek başlangyçlaryny goldamaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini höwesledirmäge aýratyn ünsi çekmek bilen, Türkmenistanda bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge bolan umumy ygrarlylygy nygtaýar.

Bu Ähtnamanyň esasy ugry sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak bolup durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly guraljak hyzmatdaşlyk ilatyň zerurlyklaryna has laýyk geljek netijeli we inklýuziw bilim ulgamyny döretmäge gönükdiriler.

«Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama sanly bilimi kämilleşdirmek we durnukly ösüş üçin möhüm ädim bolup durýar. Innowasiýalary we tehnologiýalary ulanyp, biz hemmeler üçin bähbitli, has inklýuziw we netijeli bilim ulgamyny döretmäge çalyşýarys» — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, hanym Narine Saakýan belledi.