«Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi

24.06.2024

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 22-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygyna we medeni mirasyna bagyşlanyp, «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» atly ýörite maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahata Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň Parlamentleriniň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň (ÝUNESKO) Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösmegine çäksiz uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Parlament derejesinde bellemekden we döwletleriň medeni syýasatyny goldamakdan, beýik söz ussatlarynyň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň dürdäneleri hasaplanylýan edebi miraslaryny giňden wagyz etmekden, aýawly saklamakdan, ýaş nesilleri olaryň ruhunda terbiýelemekden, doganlyk halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden we parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyran, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan hormat-sarpanyň nyşanydygyny, Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar diýip belledi.