Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

26.06.2024

25-nji iýunda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwletara gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

Aşgabat şäherinde geçirilýän türkmen-emirlikler işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparyň hem-de işewürlik forumynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde syýasy dialogyň we hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigine aýratyn üns berildi. Halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryna berilýän goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-emirlikler işewürlik forumynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we hususy ulgamyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu babatda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplanyldy. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan baý nebitgaz serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça maksatlaryny göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Dostlukly ýurduň ykdysadyýet ministriniň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýärler. Döwlet Baştutanymyz Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.

Gaýtadan dikeldilýän we “ýaşyl” energiýa ulgamy hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi maksadalaýykdyr.

Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň iki ýurt üçin hem strategik ähmiýete eýedigine aýratyn üns berildi. Şuny nazara alyp, deňiz, demir we howa ýollaryny öz içine alýan köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň ykdysadyýet ministri açyklyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.