Aragatnaşyk hemmelere gerek: sebit arkalaşygyndan bitewi maglumat jemgyýetine

11.11.2023

Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 59-njy hem-de ASA-nyň ýanyndaky maglumatlaşdyrmak boýunça Utgaşdyrjy geňeşiniň 29-njy bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio enjamlary boýunça “Türkmentel-2023” atly 16-njy Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öňüsyrasynda geçen mejlis tamamlanandan soňra ASA-nyň Ýerine ýetiriji kommitetiniň Baş direktory Nurudin Muhitdinow interwýu berdi.
Nurudin Nasretdinowiç, mejlis nähili geçdi?
Biz şu gün maglumat jemgyýetini gurmak, täze – 5G, LTE tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýurtlarymyzyň ähli çäklerini gurşap alýan hemra tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Bu tehnologiýalar islendik ýerde internete birikmek, zerur döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmak, pikir alyşmak, tekst habarlaryny, audio ýazgylary, foto suratlary we beýleki multimediýalary paýlaşmak üçin gerekdir. Ýagny bularyň hemmesi häzirki zaman maglumat jemgyýetiniň kadaly işlemegine ýardam berýär.
Anyk çözgütler kabul edildimi?
Elbetde! Gaýtalanmazlygyň öňüni almak hem-de säwlükleriň goýberilmegi biloen baglanyşykly mesleleriň ýüze çykmazlygy üçin ýurtlarymyzyň degişli düzümleriniň hereketlerini utgaşdyrýan çözgütler kabul edildi. Mejlisiň gün tertibi tutuş bir ýylyň dowamynda diýen ýaly taýýarlanyldy, oňa girizilýän meseleler bolsa çözülmek zerurlygy ýüze çykdykça täzelenilip durdy.
Siz şeýle hem “Türkmentel-2023” maslahatyna gatnaşarsyňyz…
Hawa, men plenar mejlisde çykyş ederin we meniň çykyşym emeli intellekt, onuň biziň ulgamymyza ornaşdyrylmagy, emeli intellektiň artykmaçlyklary, şeýle hem aýratynlyklary bilen bagly meselelere bagyşlanar. Emeli intellektiň artykmaçlyklary bu düşnükli zat, ol her bir işi ýeňilleşdirýär. Ýöne onuň ýetmezçilikleri, ýa-da käbir ulanyjylaryň bildirýän howsalalary barada näme aýdyp bilersiňiz?
Diýeli şeýle mysal getireýin: siz awtoulag sürüp barýarsyňyz. Nawigator size saga sogulyň, soňra çepe sogulyň diýär. Siz sogulýarsyňyz, öňüňizden bolsa dag çykýar. Sorag: kim günäkär? Nawigatormy? (gülýär). Ine şeýle!
Sag boluň. Siz örän oňat düşündirdiňiz, ýöne siziň maslahatlaryňyz baradaky soraga dolanyp geleliň – men olara ençeme gezek gatnaşdym. Ol bu maslahatlaryň işewürlik ýagdaýynda geçýändiginiň şaýady boldum. Adyň, şeýle formlaryň netijeliligi nähili?
Şu gezekki maslahat barada aýdylanda, ol örän netijeli geçdi we bu köp babatda, Aşgabatda forumy guraýjylaryň hemişeki bolşy ýaly işimiz üçin döredýän oňat şertleri bilen baglanyşyklydyr. Eger-de Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň işi barada aýdylanda bolsa men şeýle jogap bereýin: ASA ýurtlarynyň BMG-niň düzümindäki reýtingi biziň neneňsi işleýändigimizi görkezýär. Egr-de siz grafiga seretseňiz, onda biziň retingimiziň barha ösýändigini görersiňiz. Biz ozal öňde barýan ýurtlaryň yzyndan ýetmek bilen çäklenmän, eýsem olardan öňe geçmegi hem başardyk. Munuň özi, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, biziň iş alyp barýan ulgamymyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýeti sanlylaşdyrmak boýunça ylalaşykly syýasaty alyp barmak, meseleleri edara ýolbaşçylarynyň we hökümet derejelerinde ara alyp maslahatlaşmak boýunça alyp barýan bilelikdäki işimiziň netijesidir hem-de ýüze çykýan wezipeleri çözmek boýunça biziň işimiziň netijeliligi bilen bir hatarda, biziň umumy ösüşimizi hem görkezýär.
Häzirki dünýä birhili köpugurly boldy, ýöne şu günki mejlise seredeniňde döredijilikli işiň dürli ýurtlaryň adamlaryny ýakynlaşdyrýandygynyň şaýady bolýarsyň.
Aragatnaşyk – munuň özi hemmelere gerek bolan iş ulgamydyr we ählumumy bähbide gönükdirilen bilelikdäki döredijilikli iş hemişe adamlary ýakynlaşdyrýar. Mundan başga-da maglumat tehmologiýalary ýurtlaryň ösüşiniň we halkalryň abafdançüylygynyň möhüm kömekçileri bolup durýar. Çünki häzirki zaman önümçilikleriň ählisi sanly tehnologiýalara esaslanýar, ykdysadyýet ýokary tizlikli internetiň kömegi bilen dolandyrylýar. Şeýlelikde, adamlaryň arasyndaky aragatnaşyk gadym döwürlerden şu günümize çenli ählumumy abadançylygyň bähbidine özara gatnaşyklaryň möhüm görnüşi bolup durýar.
GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 59-njy hem-de ASA-nyň ýanyndaky maglumatlaşdyrmak boýunça Utgaşdyrjy geňeşiniň 29-njy bilelikdäki mejlisiiniň dowamynda foruma gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.