04.07.2024
1 — 3-nji iýul aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirilip, onuň barşynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň esasy temasy gaz üpjünçiliginde özara netijeli hyzmatdaşlyk boýunça uly mümkinçiliklerden peýdalanmakdan ybarat boldy.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyş we alyş boýunça şertnama baglaşdylar. Türkmen tebigy gazy Türkmenistandan ýollanar we Eýranyň çäginden «SWAP» boýunça geçip, Yrak Respublikasyna ýetiriler.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran ozalky gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Şu şertnamalaryň çäginde Eýranyň kompaniýalary Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometre barabar bolan täze gaz geçirijini we gaz gysyjy stansiýalaryň üçüsini gurar. Bu çäreler Eýrana goşmaça tebigy gazy ýollamak üçin zerurdyr.
Mundan başga-da, Döwletabat — Sarahs — Hangeran ugurlary boýunça we «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýrana ýollanýan gazyň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Täze kuwwatlyklar göz öňünde tutulyp, üpjünçiligiň möçberi ýyllyk 40 milliard kub metre ýetip biler.