23.11.2023
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi maýa goýumlary çekmek we optiki süýümli kabelleri we serwer enjamlaryny öndürýän kärhanalary, maglumat merkezini döretmek ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr. Bu barada Agentligiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly forumda eden çykyşynda mälim etdi.
Rejepow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde Türkmenistanyň “akylly” şäherleri üçin IT hyzmatlaryny we dolandyryş ulgamlaryny ösdürmekdir diýdi. Şeýle hem, ol iň täze simsiz aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan Aşgabat şäher telefon ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna daşary ýurtly işewürleriň we maýadarlaryň ünsüni çekdi.
Hazar deňziniň düýbünden Ýewropa tarap uzaýan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy wajyp taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 8 sany döwletara optiki süýüm maglumat geçiriş ulgamlary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde, soňky üç ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy kuwwaty on esse artdy. Türkmenistan şeýle hem ulag gatnawynyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär we esasy ulag ulgamynyň giňeldilmegini üpjün edýär diýip, “Türkmenaragatnaşyk” Agentliginiň wekili çykyşynda belledi.
Şeýle hem, forumda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Maksatnamasynda sanlaşdyrmak pudagyndaky kanunçylygy özgertmegiň, IT hünärmenlerini taýýarlamagyň, elektron hökümeti döretmegiň, şeýle hem sanly söwda, sanly lukmançylyk we sanly bilim, bulut tehnologiýalary, “ýaşyl” energiýa we oba hojalygynda innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň, maglumat-kommunikasiýalary ulgamynda başlangyç telekeçiligi goldamagyň, biometrika tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, “akylly” şäherleri döretmegiň we ösdürmegiň möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendigi bellenildi .
Iň ösen maglumat, aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalary özünde jemleýän Arkadag şäheri bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň ajaýyp mysaly hökmünde görkezildi.