Türkmenistan Astrahan şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşdy

31.10.2024

30-njy oktýabrda Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň «Işewür Hazar» atly Halkara işewür hyzmatdaşlyk geňeşiniň XXI mejlisi öz işine başlady. Bu mejlise Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan şäheri) G.Ilamanow, Astrahan sebitiniň gubernatory I.Babuşkin, Hazarýaka döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, şeýle-de işewür toparlar gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan) metbugat gullugy habar berdi.

Forumyň birinji gününde türkmen diplomaty G.Ilamanow «Işewür Hazar — netijeli hyzmatdaşlyk etmekde toplanan tejribe we onuň geljegi» ady bilen guralan plenar mejlisde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maýa-goýum syýasaty, ulag, nebit-gaz we söwda-ykdysady ulgamlarda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdi. Çäräniň barşynda gatnaşyjylar Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşi, hususan-da, port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazarýaka ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň «Işewür Hazar» atly Halkara işewür hyzmatdaşlyk geňeşiniň XXI mejlisi 31-nji oktýabrda öz işini tamamlar.