26.11.2024
Eziz watandaşlar!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Taryhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça asylly işler amala aşyrylýar.
Umuman, ata-babalarymyzyň paýhasy siňen halkymyz döredijiligi döwletlilik hasaplapdyr. Şeýdip, dünýä edebiýatyna, medeni mirasyna uly goşant goşupdyr. Şan-şöhratly geçmiş taryhyňa ser salsaň, pederlerimiziň beýik işleri sende guwanç duýgularyny döredýär. Şol duýgular taryhyň gatlaryna aralaşyp, täsin maglumatlaryň üstünden eltýär.
Däp bolşy ýaly, zähmet rugsadymda — dynç alyş günlerimde döredijilik işleri bilen meşgul boldum. Kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlarymy kagyza geçirip, täze kitabymy ýazyp tamamladym. Bu kitaba «Hakyda göwheri» diýip at goýdum. Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim.
Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýär. Haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýeti özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň saldy. Olar dünýäniň taryhynda uly orun aldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halky üçin uly buýsançdyr, belent mertebedir.
Häzirki döwürde maddy hem ruhy gymmatlyklarymyz, taryhy ýerlerimiz ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna goşuldy we türki döwletleriň guramasy tarapyndan ençeme ykrarnama eýe boldy.
Mähriban halkym!
Pederlerimiz şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirdi. Häzirki nesilleriň borjy bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdir. Halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýilýär. Milliligimizi unutman, hemişe ata-babalarymyzyň ýoluna eýermelidiris, şol bir wagtda döwür bilen aýakdaş gitmelidiris.
Eziz watandaşlar!
Biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Çünki biz beýik döwletdiris. Beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr.
Ine, görşüňiz ýaly, häzir meniň elimde täze ýazan «Hakyda göwheri» atly kitabymyň ilkinji nusgasy. Ýakyn günlerde bu kitap neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriler.