Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahat geçirdi

18.02.2024

16-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeleri kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda energetika pudagynda, nebit-gaz toplumynda, ulag we saglygy goraýyş ulgamynda işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň bardygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar barýär.

Suw baýlyklaryny tygşytlamaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň suw hojalygy pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda M.Bäşimowa “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.