Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

28.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, goňşy döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy hem-de döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, öz nobatynda özbek kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

«Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen mizemez hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn möhüm ähmiýet berýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklary bilen baglylykda, Samarkantda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» birinji sammitiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri medeni-ynsanperwer, şol sanda ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de Özbegistan Respublikasy bilen iki doganlyk halkyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi ugur edinýändigini aýtdy.