Türkmenistan “Kazan Halal Market” sergisine gatnaşar

07.04.2026

Türkmenistan 12–17-nji maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum” XVII Halkara ykdysady forumynyň çäginde guraljak “Kazan Halal Market” sergisine gatnaşar. Bu barada Tatarystanyň Maýa goýumlaryny ösdürmek boýunça agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullinanyň aýdanlaryna salgylanyp, “Tatar-inform” agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Kazan Halal Market” halkara söwda ýarmarkasy bolup, onda azyk önümleri, gözellik harytlary, egin-eşikler, esbaplar we öý üçin niýetlenilen hojalyk harytlar görkeziler. Bu sergä gatnaşmak üçin gatnaşyjylaryň önümleriniň hökmany ýagdaýda halal şahadatnamasy bolmalydyr, diýlip habarda bellenilýär.

Geçen ýyl bu sergä Russiýadan 150-den gowrak kompaniýa, şeýle hem Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, Hindistandan we Senegal döwletinden önüm öndürijiler gatnaşdylar.

Türkmenistan, Russiýa we Owganystan “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum” halkara forumyň çäginde täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.